Surat

Ýol üstünde

Ýol üstünde ýatan gyçak daşlary,
kelle ýaly kiçisi,
arman-irmän aýryp-aýryp gitjekdim,
arçajakdym il ýodasyn,
inileriň, uýalaryň ýoluny,
öňe tarap, yza däl,
atdylar yzymdan zäherli peýkam,
zyňdylar öňümden, gapdaldan pyçak,
birinden sowulsam, ikinji geldi,
üçünjüsi geldi soň,
sanamamy goýdum onsoň,
emma indi bilýärin,
ýol üstünde ýatan gyçak daşlary
öňküler deý görmeýärin,
ýa-da görüp göteremok
gazap bilen, arly ýaly
zyňmaýaryn daşa aýlap,
men bu hala höwes bilen gelmedim,
ýa almadym ony saýlap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024