Surat

Köwüş meselesi

Sen meniň köwşümde ýöräp bilmersiň,
ýa bilmersiň degýän ýerini onuň,
bilmeýşim deý meniň seniň köwşüňi.
Sen meniň köwşümiň içine düşen
hemem ökjämden geçen
daşy nädip aňlajak,
aýtmasam, diýmesem,
nädip duýjak onuň depäme çykan
awusyny bir pursat,
hatda aýdamda aglap,
meň köwşümi geýip bir gün,
gelmeseň ýa gitmeseň
meniň gatnan ýolumdan,
çarkandak hem kötelli,
men bu ýolda kän gördüm,
düşünmeýän ýol näme,
nirä barýar men tetelli.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019