Surat

Goý, olar synanyşsyn

Goý, olar synanyşsyn,
samsyk saýsynlar başgany,
ýa durmuşa düşünmeýän,
düşünmeýän ýaşaýyşa,
dilde bir zat, ýürekde -
başgasyna uýmaly;
"nätjek, adam şeýle boldy,
aldamaly" diýsinler,
hem diýsinler "almaly,
goparmaly azu-kän,
eliň gelse utanman."

Goý, olar synanyşsyn,
galmasynlar bileninden,
owarram beýlekiler,
entek eli gelmedikler,
ýa-da hudaý, taňry, alla
ýüzüne gülmedikler,
türmede ýa sürgünde,
ýa açlykda soňy gelmez,
mätäçlikde ýaşasyn,
ýörär ýoly ýapylyp,
bu bolmadyk owal-ahyr
ýa bolmajak närse däl,
biz başarsak pukara,
ezilene el bereris,
goý, olar synanyşsyn,
näme bolýar soňunda,
ölmän galsak göreris.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019