Surat

Meni gaýdyp okama

"Dul gözi bilen aýal, pyýada gözi bilen at alma." Türkmen nakyly

Ajyň gözi bilen iýme,
iň esasy haýyşym şu,
öwren iýmegi adam,
iýjek bolma kän, tagamly
iýjek bolsaň adam ýaly,
güjügi däl aç möçegiň,
ýa-da aýyň, parhy näme,
ajyň gözi bilen iýme,
seretme aç bu dünýä,
az görme, kiçi görme
tabagyňy, jamyňy ýa,
belki, kiçelt başarsaň,
ulaltmagyň ýerine,
plan biçme gyssanmaç,
hala haly, hala palas,
hiç howlugyp dokama,
sen bu goşgy nahar hakda,
ýa haly hakynda diýseň,
ýa oňa düşünseň göni,
gaýdyp meni okama.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024