Söz soragy

Söz haçan hakyky bolýar,
eşitdirýär özüni hem
ynandyrýar adam oglun, haýwany,
eliň dürreli aýdaňda,
ýa-da süýji bereňdemi?
Ýa-da sözüň sözden parhy
ony kimiň hemem haçan
nirelerde ýa nämüçin
aýdýanyna baglymy?
Ýa söz diňe aýdýanyň
agzyndan uçan guşmy,
kapasadan boşanan?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019