Köplügiň problemasy
Köplük düşünmese, almasa aňy,
iki iki - dört diýeniň bolanok.
Olar diýýär, walla, üç bolaýmasyn?
Belki, bäşdir, Alla bilýär!
Ýa-da asla diňlemeýär diýýäniň,
kimmişiň sen diňlär ýaly?
Her kimiň öz garaýşy bar,
bilmeýşi bar görüp hatda
gözüne dürtülen çöpi,
ýa-da boýun almaýşy bar
gözli bolup görmeýşini.
Bilmeýşi bar bilmeýänin adamyň,
şondan ’ärdoganlar’ dyrmaşýar depä,
aýal doganlarna guruşyp duzak,
hem depeden, otyrýerin ýylydan,
hiç düşmek islemän otyrlar uzak.