Gezim ýodasyndaky oýlanma
Ýurdy ýykýan diňe ogry
döwletbaşy bolmaýar,
ýa bolmaýar ministrler, häkimler,
aýaly ýa oýnaşlary gyssansoň,
kem galmasyz ogurlykda ýaryşýan,
olar işiň ýarsyn edýär başarsa,
galan işi - siňe seret, kim edýär,
ene-ata, jana-janlar bigünä,
çagasyny okatmadyk wagtynda,
emma para berip okuwa salýan,
bir ogrynyň, talaňçynyň ýerine,
türmä gidýän ýa-da alanyn alyp,
ýa paýlaşyp gaçýan bukuja ýere,
on ogryny ýetişdirýär eneler,
ýa atalar, okajagyň hakyky
ýerin alyp berip ýalta ogluna,
ýa gyzyna kitap gatyn açmadyk,
emel ýetse, gör, nämeler etmejek,
ýurdy ýykýan diňe ogry
döwletbaşy bolmaýar,
kömekleşýär oňa ulus-il, belki,
ýok, dur diýip, hak ýolundan gitmejek.