Hoşlaşyk goşgusy

I’m not upset that you lied to me, I’m upset that from now on I can’t believe you. Friedrich Nietzsche

Seniň meni goramanyň owarram,
owarram arkamy almanyň çykyp,
agyr günde, ýeke galamda ganym,
agzy ganly hökümetiň öňünde,
ynan, saňa eger-eger,
gahar edemok jinnek,
sebäbi düşünýärin -
çagasy bar her kimiň,
gynanamok indi satanyňa seň,
emma başga zada ýüregim ýanýar:
gorkýan eger islesem-de,
aňlasam-da agyr halyň,
öňkim ýaly gorap bilmerin seni,
ýa gorajak bolmaryn,
oda, suwa urup başym,
bar-ýok diýmän ýoldaşym,
sebäp öňki ýüregim ýok,
hemem bilýän adamy
kiçeldýänin ýagşylygyň,
bilýän agyr, ýeňil bolsun mundan soň,
men-ä seni beýle alada etmen,
seňem meni çekip durmaz göz-gaşyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024