Gynanylýan adam
Sen meniň garşyma gara zyndanly,
hemem ýüz müň gara nökerli çykdyň,
gara ýaragly elleri,
halka garşy çenelen,
halky gorajak diýip;
sen meniň garşyma gara gazetli,
gara žurnally çykdyň,
çykdyň gara TW-li,
gara radýoly ýene,
gara žurnalistli çykdyň ýüzlerçe,
gara galamly elleri,
kameraly iň soňky,
alyp berlen iliň agzyndan kesip,
sen pul bilen çykdyň meniň garşymdan,
halta-halta, sany ýok,
altyn bilen çykdyň ýene,
näçe tonna, bilemok,
a meniň elimde diňe
köneje maşynkam bardy,
solak lentasy bilen,
a kagyzyň iň arzanyn alardym,
pulum ýokdy kamerajyk almaga,
bolmanynda iň arzanyn;
sen meniň garşymdan köşki-eýwanly,
tankly hem toply çykdyň, dogrusy,
gaçdym taşlap garyp çatmam,
hoş gal diýip ejeme,
terk etdim ýurdumy, zalym,
hemem indi düşünýän we gynanýan,
meniňkiden agyr eken seň halyň.