Hudaýyň kösenji

"Ýekelik hudaýa ýagşy" diýýärler,
hiç ynanyp biljek däl.
Ýekelik ýagşy bolsa,
ýaradarmy munça janly-jandary,
bir-birinden üýtgeşik,
hemem meňzeş almanyň
bölegi ýaly iki,
ýa ýüregi hiç gysmadyk bolanda
ýaradarmydy hudaý
munça bagy, bakjany,
gülleri, ösümligi,
däli ýaly, san-sajagyn ýitirip,
ýa ýaradan ýekeligi söýende,
meniň ýaly, seniň ýaly birine
galam ýa-da çotga biýrmi getirip?

Ýok, hak-hudaý ýekeligi hiç haçan,
eger-eger söýen däldir, bilýärin
her setirim aglap inende dünýä,
hudaý, meger, irmän-arman ýaradyp,
bir düşünýän tapjak bolup kösenýä...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024