Iň esasy

Iň esasy şahyr bolmasaň eger,
iň esasy goşgulary ýazmasaň,
iň esasy diýilmeli zatlary
iň esasy saýýanlardan öz-özün,
hem owadan, hem kämil,
hemem gaýtalap bolmaz,
gaýtalajak bolmaz ýaly aýtmasaň,
eliňe alma galam;
iň esasy bagşy bolmasaň eger,
iň esasy aýdymlary aýtmasaň,
ýa bolmasaň iň esasy sazanda,
alma eliňe sazy;
ýa bolmasaň iň esasy suratkeş,
iň esasy suratlary çekmeseň,
alma eliňe çotga;
iň esasy adam bolmasaň eger,
iň esasy gitmeliňe gitmeseň,
iň esasy ynanmasaň özüňe,
batmajak bol bu batga!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019