Ikitaraplaýyn gorky

Olar öz ýurdunda gorkup ýaşaýar,
galdyrap ýaşaýar her gün
häkimýetiň öňünde,
aýdyp bilmän ýürekdäki sözüni,
sebäbi bilýärler kanun
kagyz ýüzünde diňe,
hemem ony aýakýoluna düşän
döwletbaşy gansyz goýbermez öňe.

Olar öz ýurdunda gorkup ýaşaýar,
çünki bilýär mugt Buharda
owal-ahyr bolmandyr,
tölemeli her alan
demiň üçin diýdirmän,
hem olary gorkuzýanlar gorkýarlar,
düşünýärler sebäbi
duýulýanna ursalar-da duýdurman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019