Surat

Men ynanýan

Men ynanýan seniň turjagňa ýerden!
Ynanýaryn kakjagyňa
üsti-başyň çaňyny,
syljagyňa çagalaryň,
naçarlaryň gözýaşyn,
hem yzyna aljagňa
agzyňdan alnan aşyň,
galdyrjagňa goltugyndan eneňiň,
hemem eliň uzatjagňa ataňa,
ýatyp bilmän uzak gije armandan,
dik oturyp garşylaýan daňyny.

Men ynanýan seniň turjagňa ýerden!
Ynanýaryn seniň gyrjagňa bir gün
kaýyllygyň, tabynlygyň zynjyryn,
çykjagyňa çukurdan,
gan-gabarçak elleriňe tüýkürip,
ynanýaryn seniň garaşyp ýatman,
geler ahyr biri hökman,
güýçli hemem edenli,
alar meni elinden,
demir elli zalymyň,
gutarar bir gün, walla,
diýip hyýala batman
turjagyňa ynanýaryn,
durjagyňa ynanýaryn
aýaklaryň üstünde,
ynanýaryn men seniň
öz-özüňe el berip,
öz-özüňi galdyrjagňa aýaga,
başyň tutup, çydap ýatman taýaga.

Men ynanýan seniň turjagňa ýerden!
Ynanýaryn kakjagyňa
üsti-başyň çaňyny,
syljagyňa çagalaryň,
naçarlaryň gözýaşyn,
hem yzyna aljagňa
agzyňdan alnan aşyň,
ýok, sen muny meniň üçin etmersiň,
ýa etmersiň başga birleri üçin,
iliň üçin, aýdaly,
aglak düşen, ezilen,
özüň üçin edersiň,
a etmeseň, özüň bilýäň,
şu bolşuňa gidersiň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024