Ynandyryp bilmersiň
Ýok,
sen meni ynandyryp bilmersiň
türkmen enesiniň diňe
egilýäni dogurjagna,
el çarpýany dogurjagna,
ynanmaýany özüne,
hemem garap bilmeýäni
hakykatyň gözüne,
baş atýany diňe her gün,
ýok diýmegiň deregine,
sen meni hiç ynandyryp bilmersiň
türkmen enesiniň diňe
ejizi dogurjagna,
ýa satýany bir-birini
gaty-gyssag görüp-görmän,
dogurjagna bir-birini iýýäni,
ýalan sözleýäni diňe,
diňe ýalan ýylgyrýany,
iline däl öňürti,
özüne ikilik edýän
namardy dogurjagna
ynandyryp bilmersiň,
ynandyryp bilmersiň sen türkmeniň
tötänden ýa ýalňyşyp,
ýerli-ýurtly bolanyna,
tanyşlyk ýa para bilen,
ýalap ýalamasyz ýeri
bu ýerlere gelenine,
eýe bolanyna türkmen adyna,
atyna hem ýenesine,
sebäp meniň muňa ynanan günüm
sylag-hormatym galmaz
türkmeniň hiç enesine.
Ýok, sen meni ynandyryp bilmersiň!