Surat

Problema

Problema!
Onuň şahy ýok uly,
depesinden çykyp duran,
tanar ýaly daşdan görüp,
ýöne adam ony tanaýar bir gün,
elbetde, awunyp uzak,
emma problema diňe
problemaň özi däl,
penjek geýen owadan,
boýny galstukly ýa-da
problema diňe görnüp gelmeýär,
umman ýaly gözýetmez,
çuň bolsa-da düýbi çakdan,
aldaýar ol adamy köp
bolan bolup kiçik ada,
ýa bolgusyz mesele,
problema tanatmaýar hiç haçan,
çözjek bolup hakykatdan,
uçramasaň kesele.

Problema!
Ony çözjek kän şeýle,
gygyrýana, bagyrýana seretseň,
orta çykyp ýa gyradan,
öwredýäne, akyl berýäne hemem
bukulýana kölgesine,
haýran galýaň, nädip galdy bu wagta,
bu zamana çözülmän,
hem düşünýäň ýuwaş-ýuwaş,
problema problema döredip,
problema bolup öňküsinden kän,
hemem problema çözýänden bolup,
saklanýar ölmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024