Hile
Pikir etme hemme batyr,
öňe çykan gol galgadyp,
problema cözjek bolýar,
çözjek bolýar mesele ýa
meselejik bolmanda,
pikir etme, gygyrýanyň hemmesi,
ýa bagryny paralaýan,
ol eýle, bu beýle diýip,
kömek etjek bolýar ile,
ezilen, talanan ýolda,
ýa ejiz, egsigi goldap,
ýek ýigrenýär diýme mesi,
azgynlary bolmanda,
ýaşama öz-özüň aldap,
sebäp kimler meseläni
çözjek bolup, başyn goýýar,
a kim diňe çapýar ony,
at edinip barjak ýerne
barmak üçin gyssag, basym,
daşdan görseň yhlasyn;
pikir etme hemme batyr,
ýa-da aýdýan dogry sözi,
dymýan wagty başgalar,
kömek etjek bolýar ile,
ezilene, egsige,
oň esasy öz gaýgysy,
a galany ynansaň,
maňlaýyňy ýarjak hile.