Surat

Sen özüňde ýaşarsyň

Sen özüňde ýaşarsyň,
kim bol eger, parhy ýok.
Gowy bolsaň gowy seň özüň üçin,
erbet bolsaň erbet seň özüň üçin,
aram bolsaň - aralyk,
başga birne baryp ýetýänçäň, meger,
başga birni bagtly edýänçäň, meger,
ýa-da agyrdýançaň agyr ýa ýeňil,
sen özüňi ýaşadýaň ýa öldürýäň,
ýa-da edýäň iki jahan
owarrasy, tentegi;
geçirimli bolsaň, geçirýäň özüň,
bahyl bolsaň, ilki özüňi iýýäň,
sen özüňi özüň ýyladýan közüň,
hemem, meger, ýakan oduňda köýýäň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019