Surat

Mantyk

Olara açlyk gerek,
mätäçlik gerek soňsuz,
nädip ili ütmeli,
nädip garyp etmeli,
örän gowy bilýärler,
naçe pakyr köp bolsa,
şonça uzak gülýärler,
sebäbi dokluk gelse,
agzyn açjak milletiň,
hem elini uzatjak,
hem dilini uzatjak,
dikeltjek eglen başyn,
salyk ýüzün güldürjek,
islemeýär olar muny,
olara açlyk gerek,
mätäçlik gerek soňsuz,
ýa men seni öldürjek,
ýa dile diýýär çörek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024