Surat

Başga zatlar

Eşitmek bir başga,
diňlemek başga,
diňlemezlik başga asla,
diňläp bilmeklik başga,
başarmazlyk başga diňlemegi hiç,
hem bilmezlik başga näme diýilýär,
aýdylýar näme,
aýdylmaýar nämeler,
ýa aýdylýan zatlar näme,
niräni tozadýar olar,
ýa niräniň golaýyndan geçmeýär,
eşitmek bir başga aýdylmaýany,
hem düşünmek başga asla,
düşünmezlik has başga,
düşünjek bolmazlyk başga,
edil ýaşamagyň başga bolşy deý,
ýa galmagyň ömür ömürden daşda...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019