Surat

Düşünmezlik

Isleýän ýok sögülmegin,
ýüzüne ýa ýeňsesinden,
gülünmegin isleýän ýok,
üstünden ýa kesesinden,
isleýän ýok gyşyk gepi,
igenç, käýinç, iňirdini,
goý, hak bolsun, ýa-da nähak,
gaty-gaýrym sözi hatda
it-pişigem islemeýär,
islemeýär düýe, sygyr,
ýek görünjek bolsaň eger,
adamyň üstüne gygyr.

Emma öwgi, hoş söz başga,
kim islemez ony, aýdyň?
Öwseň, belki, zandyýaman,
adam bolar pälden gaýdyp!

Emma öwgi ýalan bolsa,
ýapa degmez ýeňi, ýany,
hemem dowam etse uzak,
a öwülýän hiç diýmese:
"Gurulýan bolmasyn duzak?"
Muňa derek has kän taryp,
has kän ýalan islese ol,
hem diňe isläp oňmasa,
talap etse açlyk, türme,
ölüm bilen haýbat atyp,
beýle ilde, bilemok men,
adam nädip bilýär ýatyp?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024