Surat

Gowy adam

O bir gowy adam, örän sypaýy,
ýüzüne gelmeýär kimsäň,
gaty-gaýrym söz diýmeýär,
agyrtjak ýa degjek gaty,
emma ýeňsesinden, eý, alla, hudaý,
(kemçiliksiz adam barmy?),
diňe bir agyrtjak, ynjytjagam däl,
öldürjek sözleri aýdýar ýylgyryp;
ol bir gowy adam, juda sypaýy,
tanamasaň, bilmeseň,
ogşaýasyň gelýär baryp...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019