Surat

Seniň ümsümligiň

“Your silence will not protect you.” Audre Lorde

Seniň ümsümligiň goramaz seni,
goramaz ýuwaşlygyň,
sessizligiň goramaz,
halas etmez beladan,
ulus il bilen, dogry,
ümsümlikde şärigiň,
şärigiň kanagatda,
sabyrda hemem,
seniň ümsümligiň goramaz seni,
tersine içine oklar
gaýnap duran gazanyň,
ogurlygyň odundan,
ýangyjyndan ýalanyň,
hemem edip biljek ýeke-täk zadyň
ýanmak bolar bilip, bilmän,
seniň ümsümligiň goramaz seni,
barybir galmarsyň ölmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019