Iki hil
"Ýarama ärler zer bilen Ýazylan bet hata meňzär." Magtymguly
Adam aga, gara däl,
ýa-da däl baý, garyba,
wyždanla hem wyždansyza bölünýär,
sen olary tanamarsyň birbada,
emma biraz ýol geçeňsoň,
olary hiç tanaman,
ýa saýgarman bilmersiň,
sebäbi hiç wyždansyzlar,
wyždanlyny itip, basyp,
göni üstüňe gelýär.