Surat

2016: Soňky goşgy

Sen adamyň ýerinden
galmajagna ynanma,
ýykylsa-da has ýokardan,
ýa-da ýatsa gymyldaman,
jan beren deý bireýýäm
ýa diýmese näme diýýäň?

Sen adamyň keýpine
gul boljagna ynanma,
ýa ynanma synanman
galjagyny zynjyrly,
eger galsa gynanma!

Sen aýagna kakylanyň,
gaty ýere ýykylanyň,
goý, nähili ýatan bolsun,
galmajagna ynanma,
ynansaňam ýeňiljegne
deň bolmadyk söweşde,
sen ynanma adamyň hiç
synanyşman galjagna,
ahyr bir gün toplap güýç,
ýöne birden synanmasa,
goýup ony her gün ertä,
ýa-da başga birne, meger,
diýme ol seň garaşanňa
ýa-da ynananňa deger.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019