Ýaşamagy karar et!
Ýaşamagy karar et!
Ölmegi karar etme,
karar etme aglamagy,
ýeňilmegi karar etme,
egilmegi karar etme,
galdyr başyňy ýerden,
karar et sen ýeňmegi,
hem çykaryp kowmagy
içiňdäki kararsyzy,
ýaşamaga ýaýdanýan,
karar et sen gülmegi,
oýnamagy çaga ýaly,
begenmegi her günde,
ýaşamagy karar et,
galman gara sürgünde!
Ýok, bahana gözleme,
diýme duşmanym güýçli,
ýa öňümde dag, derýa,
ýaşamagy karar eden
dagy-daşy opurýa,
derýa näme, okeandan
böküp geçýär islese,
ogurlatma ömrüňi
özüňçe bara, ýoga,
ogurlatma ýeriňi,
suwuňy hem güneşiň,
dolan aýyňy agşam,
aýdymlaryň ýürekdäki,
arzuwyňy ogurlatma,
ogurlatma sözüňi,
sen seniňki, karar et,
ogurlatma özüňi!