Surat

Iman

Ýüzüňden hapa ädikli,
hajathanadan çykyp,
basyp geçer emeldar,
eliň gandally wagty,
duşakly wagty aýagyň,
dişiň gysyp çydarsyň,
emmaki soň agzy alla, hudaýly,
ýa-da adam hukuklaryn goraýan,
ýa zuluma garşy durýan dilinde,
hemem özüň ýaly mysapyr daşdan,
ýüzüňi däl, papagyňy çykaran,
hemem gapdalyňda goýan,
basyp geçse bilgeşlin,
çydamarsyň bolsa içiňde janyň,
ýa-da imanyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024