Surat

Dolanaý goşgusy

Haka, hakykata ynanýan wagtyň
ýüzüňe ursalar üýşüp,
gargasalar ata-babaňy goýman,
yza çekilersiň soňsuz,
ýa öňki deý gözsüz batyr bolmarsyň,
belki, biraz haýpyň geler özüňe,
emma soň görersiň yza çekilen,
busan adamlaryň sansyz-sajaksyz,
asla yzy görünmeýän hataryn,
hemem hakykaty aýak astynda,
kirşene bulaşyp ýatan,
adam hakykaty terk eden güni,
bolýar, meger, özün satan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019