Ýol we ýoldaş
Ýola çykyp, ýoldaşlaryň,
öňden gelýän, ýolda duşan,
uzak-ýakyn aralykdan,
kän gürleşen, gürleşmedik,
tanamasaň kösenersiň,
sen olaryň kimlerdigin,
nämedigin ýol başynda,
ortasynda, agyr günde
edýän işin, aýdýan sözün
tereziňde ölçemeseň,
seljermeseň gije ýatman,
bilmeseň sen, almasaň sen
sapaklaryn mugt eçilen,
käte gymmat düşýän örän,
ýol azabyň çen-çakyňdan
agyr bolar, ýeňil bolmaz,
iň müşgüli güman bolar
her sähere aman-esen,
janyň sagat gowuşmagyň,
il-günüňe, hem özüňe
toý-ýasyňy sowuşmagyň.
Biri iman kartyn oýnar,
dini kartyny oýnar biri,
biri il-gün kartyn oýnar,
ýurt kartyny oýnar biri,
millet kartyn oýnan bolar,
tire-taýpa kartyn oýnar,
oba kartyn oýnar biri,
sebit kartyn oýnar biri,
özün gizläp arkasynda,
görkezmedik bolup elin,
görünse-de daşdan, açyk,
okap bilseň gowy bolar
adamlary sözlerinden,
gözlerinden, işi bilen
deňeşdirip her gün, agşam,
saýawanyň açylmasa,
aşagynda guýýan ýaşyň
jinnek ýaly peýdasy ýok,
ýola çykyp, soramasaň,
ýollar hiç zat aýdasy ýok,
ýa aýtsa-da, düşünmeseň,
düşünmedik bolsaň bilip,
gowşak, hiç kim saýar seni,
oňar iliň daşdan gülüp.