Gowy pida
Olar örän gowy pida,
emel ýeten üçin çala,
baryn-ýogyn berýär sessiz,
çünki bilýär hökümeti,
iň ýokardan aşaga çen,
doýmaz-dolmaz, üstesine
has baterin eder, basar
türmesine, aňyrsy ýok,
hiç biriniň taňrysy ýok,
hem sylaýar şasyn, hanyn,
olar örän gowy pida,
soralmanka berýär janyn.