Köne oýun
Çatak ýeri, seniň üçin
başlansa-da senden dünýe,
başlansa-da görüşiňden
duýuşyňdan ony günde,
düşünşiňden bolýan, geçýän
wakalara töwerekde,
başlanýar ol aňyrrakdan,
öňkülerden, geçen, göçýän,
ene-ataň bilen bile,
ýalňyşlary bilen köne,
ata-baba, miras alan,
islegleri, arzuwlary,
armanlary bilen bile,
nebisleri bilen bile,
bogan mydam, bary bilen
bazar edip bilmedikler
dowam edýär sende ömrün,
bogulýarsyň öz-özüňden,
ýüp salan dek boýnuňa sen,
çatak ýeri, giç düşünýäň
köne dünýäň oýnuna sen.