Ýeten hak

Bu göreşde o birleri,
bu birleri jan çekmeli,
gan dökmeli bolsa diňe,
seniňki däl, şübhelenme,
bu olaryň göreşidir,
ata-baba miras alan,
çagalary bilen bile,
saňa näme, otur öýde,
gürrüňin et onuň, munuň,
ýalňyşlaryn görkez-de gül,
ýa ýaňsyla boluşlaryn,
kemakyl diý, günde agşam
ýykylsa il, ýykylmadyk,
aman galan bolarsyň sen,
sypdyrma hiç toýy, ýasy,
ýeten hakyň alarsyň sen.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025