Tapylmadyk many

Eger adam durmuşynda, işinde
many, mazmun aňşyrmasa, görmese,
tapmasa ol gözläp ony ýaşlykdan,
ak sepýänçä aň girmeddik başyna,
düşünmese many näme aslynda,
özenine ýaşaýyşyň iki gün,
pikir eder çäredir ol ullakan,
gykylykdyr, aýdym-sazdyr manysyz,
sowetlerden galan, gyzyl baýdakly,
ýa jäjekdir öýder, döşe dakylýan,
üýşürmekdir adamlary, çäresiz,
ata-baba ýesir alnan, aňyna
ýumşak, gaty, gandal bary salynan,
arzuw eder gülüp, oýnap bilmedik,
ýelden ýüwrük bolup, uçmagy göge,
görsün diýer ähli bady alynan,
gorkuzmakdyr öýder manysy demiň,
özi gorkan her deminde, her agşam,
gygyrtmakdyr öýder özüne meňzeş,
gorkan, ürken adamlary öz islän,
ýa gygyran sözlerine düýşünde,
soň hoş bolup, hiç bir zatdan üýşenmän,
dowly ýetik gözlerini ýygşyryp,
köşeşmekdir öýder manysy dünýäň,
bu uzak däl, az salymlyk bolsa-da,
eger adam manysyny bilmese,
ugry bolmaz, baky diri galsa-da.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025