Başgalara gargalýarka

Başgalara diýilýärkä
diýilmesiz, agyr sözler,
arkasyndan, özi ýokka,
ýa ýüzüne, bilip-bilmän,
ýetip-ýetmän aňyrsyna,
duşmanyň-da bolsa başga,
ýigrenilýän, ýekirilýän,
begenme sen içden, daşdan...

Eliň bolsa, tutdy diýip,
ýa uzatdy diýip bolar,
aldy diýip bolar saňa,
almasaň-da kişi zadyn,
agzyň bolsa, iýen borsuň,
diliň bolsa, diýen borsuň,
gaty aňsat, subutnama,
delil bolsa diňe güman,
ýa çaklama, bolup biljek,
bolýan zada ýakyn örän,
goramasaň, gorksaň, başga,
ýöne nähak garalama,
iki dünýe adam adyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025