Surat

Aratapawut

Uruşdaky uruşda,
eliňe ýarag alyp,
eli ýaragly duşmanyň,
özüň ýaly ýa birneme
eli, ýaragy güýçli,
öňünden çykmaly bolsaň,
döwletdäki uruşda
döwletbaşyň öňünde,
kgbeli, polisli,
açgöz nökerli müňläp,
ýaragly ýa ýaragsyz,
emma depeläp, basyp,
ýüz müň gezek öldürjek,
puşman etdirjek dünýä
geleniňe ýalňyşyp,
watandaşlaň garşysyna çykmaly;
uruşdaky uruşda,
meger, ölseň - gahryman,
şehit diýer watandaşlar,
dosta-ýara teselli,
emma döwlet urşunda,
ölmeseň-de gurşundan,
ýoluň-ýodaň, taýyn bol,
soňuna çen gysarlar,
hemem gara göripligiň
agajyndan asarlar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024