Surat

Mamlalyk

Mamla bolmak gowy mydam,
ýa-da mamla duýmak özüň,
aklamak niýetiň-päliň,
bahyllygyň başga mamla,
özüňi bimamla edýän,
hemem ony garalamak,
mamla galmak üçin uzak,
mümkin bolsun, bolmasyn ýa,
emma mydam mamla bolup bolmaýar,
mamla galyp bolmaýar,
sebäp adam çig süýt emen, ýalňyşýar,
emma mamla boljak bolup,
ýa görünjek bolup mamla,
boýun alyp bilmeýär kän
kemter gaýdan ýerlerin,
ýöne şuny başarsa,
ýagny bilse bimamla,
ýa mamla däl ýerlerin,
boýun alsa ýalňyşyn,
bolmanynda öz ýanyndan,
ol özüni halas edýär
bimamlalyk zyndanyndan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024