Güýz oýlanmasy
Seni eneňden aýran,
seni ataňdan aýran,
seni aýran watanyňdan, iliňden,
pikir etme, bal gününe batandyr,
ýa-da giňändir ýeri,
birazajyk bolmanda,
tersine, dünýesi daralyp her gün,
goý, bilsin, bilmesin, iýendir özün,
bu adamyň tebigaty,
ol başgany basyp aşak,
güldüren bolsa-da gözün,
hakykatda hiç köşeşip bilmeýär,
şondan onuň çaga ýaly süýt emýän,
höre-köşä mätäçligi,
hem açlygy hoş söze,
ýalan-ýaşryk bolsun hatda,
sebäbi ol ýok edenin, talanyn
saklamajak bolýar ýatda...