• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Aýdylmadyk söz

Çekiç bilen sandalyň arasynda ýaşamak
ogry bolup, at münenden gowudyr,
gowudyr ýüzüňe ýylgyrýan, emma
eli gelse, el-aýagyň goparjak,
dostsuraýan duşmanlaryň içinde
bükgüldäp ýaşandan ertir hem agşam,
hak her kime öz ýüküni eçilýär,
hem ojagyn gelse sowukda gagşap,
ýylynmaly ýa-da ýanýan ot ýerne
surata seredip oňmaly hemem
aldamaly özüni;
"Sogan bilen çörek iýen gowudyr,
il malyna dikeniňden gözüňi" -
köp eşdipdim oglanlykda,
ogry bolsaň, a talanan naçarlar
elinden iş gelmän, galsa alaçsyz,
şuny bilýän: diýmese-de daşyndan,
eşidersiň ezileniň içinden
haka sygnyp, aýtjak bolan sözüni.

  • 28.10.2016
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Adam seniň obadaşyň 12.02.2019
Adam ýasawy 12.02.2019
Jemgyýet we jellatlar 10.02.2019
Beýik döwür 09.02.2019
At müneniň ahwaly 05.02.2019
El çarpyjy problemasy 31.01.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019