Şahyr we adam
Bir sadaja reklama gowudyr
il derdinden yrak düşen şahyrdan,
bitarap garyp-gasardan,
bagtdan başy aýlanan,
baý toýuna çagyrlyp,
diňe şahyr däl, adam
adam bolsa sähelçe,
bäş prosent, on prosent bolmanda,
il derdinden gidip bilmez başbütin,
galyp bilmez bitarap
ezileniň agysyna,
ýa-da şeriň gujagynda,
aýdym aýdyp bilmez soňsuz,
käte hapa batsa-da,
süýt kölüne ýa-da şerap kölüne
çümüp galyp bilmez şahyr,
eger galsa, onuň ýaly şahyrdan
bir sadaja garantga-da gowudyr,
egin-başy sal-sal hemem oturan
gyrasynda kibtin gysyp ekiniň,
şahyr bolan hiç bir keýpe gul bolmaz,
ýa-da sergezdany bolmaz ....