Surat

Güýz belligi

Adam adalata aç bolsa eger,
teşne bolsa hakykata,
adalaty gözlär, tapar,
ýa düşüner hakykata,
görer bar ýerine baryp,
ýa-da barman, parhy näme,
biler, aňlar kim nämäniň yzynda,
aýdylan söze aldanmaz,
sereder edilýän işe,
hemem nadaralyk etmez,
edinmez pesligi pişe.

Adam adalata aç bolsa eger,
teşne bolsa hakykata,
gömjek bolmaz başga birniň işini,
elinden iş geler, gelmez,
biljek bolar haýsy ýerde, nä gadar
bar adalat ýa hakykat,
adam adalaty agtarýan bolsa,
biadyllyk edip ölmez.

Adam adalata aç bolsa eger,
adalaty gözlär, tapar, saýgarar,
tapylmaz ol inkär edip, ýazgaryp,
ýa ýaňsylap başgalary,
ýa-da görmedik bolup,
ýa-da gömüp başgaň gazan guýusyn,
eken daragtyny paltalap agşam,
hem paltany taşlap başga bir gapa,
adam hakykaty gözlese eger,
boýy bilen çümmez kirşene, hapa.

Adam adalata aç bolsa eger,
teşne bolsa hakykata,
özgäni däl, ilki özüni derňär,
emmaki aç bolsa ada, şöhrada,
at münsün, telpek geýsin,
ýa-da murty bolsun gulaç,
hasaplanmaz o diýen är.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024