Duşman gözlegi
Olar duşman gözleýärler,
howply duşman, elbetde.
Tapyp başyn almaly,
ýa zyndana salmaly,
ýa sypdyrman saklamaly gözden hiç,
bir ýamanlyk etmez ýaly iru-giç.
Olar duşman gözleýärler,
ganym duşman, elbetde.
Bahyl, görüp bilmeýän
bagtyn eziz iliniň,
şondan aýdýan her hili
bor-bolgusyz zatlary,
ýüzden, müňden aşdy gitdi
garalanan atlary.
Dymdyrdylar dilli bolsa,
ýudmurdylar gözli bolsa,
indi diňe diý diýleni diýilýär,
gör diýleni görülýär,
egýär başy bolan başyn,
hyrçyny dişleýär dişli,
a gargyşly içe salýar gargyşyn.
Olar duşman gözleýärler,
zandyýaman, elbetde.
Hemem kösenýärler örän,
sebäp özlerinden beter
basýan biljek däldi döräp...