Surat

O ýuwan däl

O ýuwan däl atly diňe,
o ýalançy däl diňe,
goýýan bizi balaksyz,
eşekli kän, pyýada kän,
süri-süri, ýuwanlykda
atlydan kem çapmaýan,
hem talaýan öz ömrüni,
aşak itip ýagtylygy,
nury öçürip içde,
etek ýapyp üstüne,
tüme kowup çagalaryn,
okamaly, ösmeli,
hiç bir ýuwan ýekelikde
Güni dogurmaz öli!

O ýuwan däl atly diňe
bizi soňsuz aldaýan,
biz özümiz aldanýarys,
her gün turup ir säher,
ýa-da agşam çagyryp,
hiç gelmejek hudaýy,
gara işi etmäge,
sebäbi biz ýaltanýarys,
başgada däl, özümizde
gara garşy gitmäge.

O ýuwan däl atly diňe
bizi ezýän, öldürýän,
biz özümiz öldürýäris,
at astyna taşlap, belki,
o däl ýalanyň atyndan,
meger, biz düşmeli ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019