Surat

Eger görseň

Agaja bak, adama däl,
bahana gözlemez ol;
Dagda bitsin, daşda bitsin,
derdini sözlemez ol,
zeýrenmez ol adam ýaly,
her gün agşam aýalynyň ýanynda,
beýleki agaçlar basýar depämden,
ýa günüň öňüni gabsaýar diýip,
minnet etmez eger-eger,
durar durup bildigiçe,
ýellere döşüni gerer,
hemem görüp bildigiçe,
bulut böwsen güni görer,
gar-ýagyşa tutar başyn,
gollaryny gerer çar ýan,
köklerini urar aşak,
eger görseň, görkezer ol,
durmuşyň her günün ýaşap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019