Surat

Domkrat derdi

Domkraty gowy görýär köp adam.
Käte tutuş millet, özi-de bilmän,
ýa domkrat, ýa-da onuň ýag-magy,
ýa goýulýan ýeri bolýar çökmejek,
öz ýanyndan çykjak bolup batgadan...

Domkraty gowy görýär köp adam.
Elbetde, gowy zat ol,
ulagly bolup ýolda,
çalyşmaly bolsaň teker,
ýa-da göwnüň çökse käte,
oýnap däl-de, gowy görüp,
ýakyn ýa ýat ýylgyrsa,
garpyz berip goltugyňa,
dogry, başyň göge ýeter,
walla, şekim ýok muňa.

Emmaki ömür ýolunda
diňe domkrat bilen,
onda-da ýalan sözden,
ýaman niýetden durýan
keýpiň kökläp, gomalyp,
öz-özüňi tanaman,
ýatsaň - ýatyp domkratly,
tursaň - turup domkratly,
ata-babaň aty, ýaragy ýaly,
ýurt goran, namys goran,
domkratly çykyp her gelen ýaga,
ýa tersine, domkrata çem gelen
münüp ýörmek gowy däl,
gitmejek bolsaň dagap!

Domkraty gowy görýär köp adam.
Sebäp ejiz, hakykaty
kabul edip bilmeýär,
ýa gaýrat ýok derdini
bilip boýun almaga,
ýa aýaga galmaga
özündäki pese garşy,
pise garşy ýürekdäki,
şondan adam, göräýmäge sowatly,
emma eli domkratly hemişe,
ak sakgally domkrata aýlanýar,
hemem ölýär bir gün domkratlygna,
ýöne bu-da soňy däl,
çünki öňden aýdylan:
Ata kesbi - ogla halal!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024