Surat

2-nji sentýabr goşgusy

"Прошла весна, настало лето. / Спасибо партии за это". Юрий Влодов

Hawa, ýaz-da, tomus-da,
gelýär, geçýär wagty gelse.
Emmaki ýaşajak bolsaň,
"Ýaşa" diýip gygyrmaly,
"iň beýik" diýmeli pese,
ýa "akylly, adalatly" -
diýmeli azgyna, mese,
ýylgyrmaly samsyklasa,
ýazylany okap bilmän,
el çarpmaly, söz sözlese,
iň ýamany aglamaly,
her gezek eziji ölse...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019