Surat

Žurnalistiň çöregi

Žurnalistiň çöregini,
gör, kimlere berdiler?
Ýigrimi ýyl işlese-de,
toslama nä, fakt näme,
tapawudyn bilmejege,
hakykatyň ýoluna däl,
ýodasyna gelmejege,
sebäbi nä, eger-eger
kitap gatyn açmajaga,
ýa açsa-da many-maňzyň
gyrasyna gaçmajaga,
aňmajaga sözlem näme,
ýa söz näme, dil näme,
bela näme soňy gelmez,
ýanyp gitjek il näme?

Žunalistiň çöregini,
gör, kimlere berdiler?
Özün bilmeý başgalara
soňsuz pitjiň atjaga kän;
ýa kenarda balyk bolup,
agzyn açyp ýatjaga kän,
žurnalistiň çöregini
žurnaliste berselerdi,
men ynanýan žurnalistler
satylmazdy satjaga kän...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019