Erkekler ownanda
Ol ozalky gyrgynlary
ýatlatmagam gerek däl,
Gazawady, Gökdepäni bilýäne.
A soň baý-kulak diýip,
ýa-da diýip basmaçy,
gör, näçe är, oglan-uşak gyryldy,
emma goşgy ýazdyrdylar gyrany,
gylyjy ganlyny öwüp, taryplap,
"Serdar" diýdirdiler urşa,
ajala berene ilin,
a soň 48-i eçildi taňry,
aýallar guşady bilin,
ýene doguldy millet,
sebäp ölmek bolmaýardy,
bolmaýardy gutarmak,
emma erkekler ownanda,
beýik bolýar pese, pise daýanyp,
hemem ilin itýär öňüne siliň...