Açgöz ýeke bolan bolsa
Açgöz ýeke bolan bolsa, belki-de,
bir alajy tapylardy bu çukurdan çykmagyň,
ýa asgyryp oýanmagyň, uzaga çeken gaflatdan;
Açgöz iki bolan bolsa, belki-de,
on ýa-da ýüz bolan bolsa, bolmadyk bolsa on müň,
ýüz müň, milýon, belki, has kän,
heniz ýüzün açmasa-da hemmesi
içde ýatan hiç mantyksyz näkesiň,
Açgöz ýeke bolan bolsa, bolmadyk bolsa süri,
aňly-başly, üşükliler keliň saçy ýaly bolman,
bolan bolsa biraz güri,
bir alajy tapylardy bu çukurdan çykmagyň,
gyşyn-ýazyn waspyn etmän,
owal-ahyr hiç bolmadyk,
hem bolmajak akmagyň.