Surat

Adam ykbaly

Adam ykbalyny, gynanman, köýmän,
eýe çykman sygyr ýaly bolmanda,
agşamara aryp örüden gelen,
hem ölemen gölesini emdirjek,
idemän hiç janaweri,
tersine kowup yzyna,
bir keseki mal ýaly,
öz-özün çykarýar sandan.

Adam kysmatyny sylaman, söýmän,
gör, kimlere ynanýar,
ýa-da atýar aýagynyň astyna,
çem geleniň, basjak, ötjek üstünden,
ýa-da düşegi ýumşap,
oturjak hem agynajak arly gyş,
a soň başgalardan nägile bolýar,
ýa hudaýa edýär gargyş.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024