Surat

Kötel ýol

Kötel ýola çykmak hatar,
emma oňa çykmazlyk,
has hatarly ýatandan kä,
ýesir bolup gelmedik,
emma geljek duşmana,
muňa düşünmeýär hemme,
düşünmedik bolýar ýa-da,
wagt geçýär, ýola çykan
ýykylýar, sürüşýär, ölýär,
ýa-da ölmän atýar ahyr,
adamly, adamsyz ada,
hemem hözir görýär biraz,
gapdalyndan azabyň,
aýagyny uzyn salyp oturýar,
aýlap bilýär kellesinde bolmanda
nämeleriň bolanyny, bolmanyn,
emma ýola çykman galan,
bogaz bolup ahmyr bilen armandan,
daşyndan kän diýmese-de,
içden kirleýär ýaman,
ýöne kirin ýuwmaga
ne tapyp bilýär sabyn,
ne tapyp bilýär zaman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024