Surat

Jogapsyz sorag

Bu 97-de bolupdy, alla
ynanýan diýýänden gorkupdym ýaman,
imanly bolan bolýandan,
dilinde ýaradan, taňry,
hemem hökümet buýursa,
her töhmeti atýandan,
satýandan gorkupdym ýaman,
geçen ýerne adamy,
iki gün saklanmak üçin
kürsüsinde, eý, hudaý,
bularyň hemmesi seniň bendäňmi? -
diýip sorapdym içimden,
emma jogap bermändi ol,
hiç zat aýdanok şindem.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019